UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň simwoliki toparyny neşir etdi

  • 22.12.2023 18:14
  • 8.6k+

UEFA-nyň resmi saýty 2023/2024-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky iň gowy futbolçylaryň simwoliki toparyny hödürledi. Report agentliginiň habar bermegine görä, oňa Angliýanyň “Arsenal”, Germaniýanyň Dortmundyň “Borussiýasy” we Ispaniýanyň “Real Sosýedad” toparynyň hersinden iki oýunçy girdi. Şeýle-de, topara “Bawariýadan”, “Portudan”, “Barselonadan”, “Mançester Sitiden” we Madridiň “Realyndan” bir oýunçy girdi.

2023/2024-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň simwoliki topary:

  • Derwezeban: Gregor Kobel (Dortmundyň “Borussiýasy”);
  • Goragçylar: Žoau Kanselu (“Barselona”), Mats Hummels (Dortmundyň “Borussiýasy”), Aýen Munos (“Real Sosýedad”).
  • Ýarym goragçylar: Bukaýo Saka (“Arsenal”), Fil Foden (“Mançester Siti”), Jud Bellingem (Madridiň “Realy”), Braýs Mendes (“Real Sosýedad”), Wenderson Galeno (“Portu”).
  • Hüjümçiler: Garri Keýn (“Bawariýa”), Gabriel Žezus (“Arsenal”).

düýn 14:29
5.7k+

Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi resmi taýdan mälim edildi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär. CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär...

24.08.2025 16:45
5k+

«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar

«Barselona» futbol kluby 2025/26 möwsüm üçin üçünji egin-eşik toplumyny görkezdi. Hansi Fligiň topary 2014/15 möwsüminden bäri ilkinji gezek mämişi köýnekçede meýdana çykar. Klub taryhynda bu reňk sekizinji gezek ulanylar...

23.08.2025 18:33
20k+

Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bijeleriniň çekiljek senesini we ýerini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekişiginiň 5-nji dekabrda Waşingtonyň Kennedi adyndaky Ýerine ýetiriş sungat merkezinde geçiriljekdigini habar berdi. Ol muny FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň gatnaşmagynda Prezidentiň iş otagyndan ýörite ýüzlenme bilen aýtdy...

22.08.2025 19:07
14k+

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy...