UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişigi boldy

  • 18.12.2023 23:14
  • 16k+

UEFA-nyň Şweýsariýanyň Nýon şäherindäki ştab-kwartirasynda 2023/2024-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişigi boldy.

Şeýlelikde, 2023/2024-möwsüminiň Ýewropa futbolynyň iň gowy 16 topary öz garşydaşyny bildi.

2023/2024-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jübütleri:

  • “Portu” (Portugaliýa) – “Arsenal” (Angliýa);
  • “Napoli” (Italiýa) – “Barselona” (Ispaniýa);
  • “PSŽ” (Fransiýa) – “Real Sosýedad” (Ispaniýa);
  • “Inter” (Italiýa) – “Atletiko” (Ispaniýa);
  • PSW (Niderlandlar) – “Borussiýa” (Dortmund, Germaniýa);
  • “Lasio” (Italiýa) – “Bawariýa” (Germaniýa);
  • “Kopengagen” (Daniýa) – “Mançester Siti” (Angliýa);
  • “RB Leýpsig” (Germaniýa) – “Real” (Ispaniýa).

1/8 finalyň ilkinji oýunlary 2024-nji ýylyň 13, 14, 20 we 21-nji fewralynda, jogap oýunlary 5, 6, 12 we 13-nji martynda geçiriler.


düýn 14:21
8k+

Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi...

düýn 10:48
2.4k+

Mbappe, Dembele, Holand we Pedri EA Sports FC 26-da «Ýylyň toparyna» girdi

Electronic Arts kompaniýasy ulanyjylaryň ses bermeginiň netijesi boýunça EA Sports FC 26 oýnunda «Ýylyň toparyny» hödürledi. Sanawa senenama ýylynyň dowamynda has tapawutlanan 11 oýunçy girdi. Bu futbolçylar Ultimate Team režiminde ýokary häsiýetnamalar bilen (94-den 97-ä çenli) ýörite wirtual kartoçkalary alar...

16.01.2026 23:02
4.4k+

Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy

«Barselonanyň» germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Ştegen ýakyn wagtda «Žironanyň» oýunçysy bolar. Taraplar häzir oýunçyny kärendesine almak boýunça şertnamany ylalaşmagyň ahyrky tapgyrynda diýip, insaýder Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi...

16.01.2026 17:59
3.4k+

Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda ýaş türgenler üçin nobatdaky futbol festiwaly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň futzal kluby bilen bilelikde guraldy...