«ÜÇ AJY» kafesi gömme işleklisiniň bahasyny arzanlatdy we Täze ýyla sargytlary kabul edip başlady

  • 14.12.2023 17:07
  • 26k+

Täze ýylda saçagyňyza goýjak tagamlary belli etdiňizmi?
Gömme işlekli, gazanlama, tamdyrlama tüýs ýerine düşüp biler.
Aşgabatda ýerleşýän «ÜÇ AJY» kafesi Täze ýyl mynasybetli gömme işlekli, gazanlama, tamdyrlama ýaly türkmeniñ milli çopan tagamlaryna uly arzanladyş yglan etdi. Şeýle hem Täze ýyl sargytlarynyň şu wagtdan kabul edilip başlanandygyny habar berdi.
Çägede bişen gömme işlekli 400 manatdan 250 manada düşürildi.

«Iýenem ARMANDA, iýmedigem» diýen şygary öňe sürýän «Üç ajy» kafesi beýleki tagamlaryna hem uly arzanladyşlary yglan etdi.
Häzirki wagtda kafede şu aksiýalar hereket edýär:

  • 1 pizza alana 1 pizza mugt — 40 manat
  • 1 döner alana 1 döner mugt — 35 manat
  • 1 palaw alana 1 palaw mugt — 30 manat
  • 1 dograma alana 1 dograma mugt — 30 manat
  • 4 tamdyr somsa alana 1 tamdyr somsa mugt — 7 manat
  • 4 fitçi alana 1 fitçi mugt — 7 manat
  • 4 owgan somsa alana 1 owgan somsa mugt — 12 manat

Aksiýalary dolulygyna Instagram we TikTok sahypalaryndan yzarlap bilersiňiz!
«Üç ajy» kafesi şeýle hem toý-sadakalar üçin somsa, salat ýaly tagamlary taýýarlap bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Hitrowka, Donskoý köçe
Telefonlar: +99361 50-81-18;
+99362 50-81-18;
+99361 44-14-49.
Aktam ammarlar ýolunyň ugry
Telefonlar: +99362 97-51-18
+99362 42-62-80
Instagram: _uc_ajy_
TikTok: uc_ajy_

düýn 14:25
3.7k+

«Mukaddes behişt ýoly» HK Oraza aýynda umra zyýaratlaryny gurnap berýär

Gelşi bilen güldüren, Kalba huzur dolduran, Ynsanlygy bildiren, Remezan geldi, Remezan. Säherde galkyň ynsanlar, Hatym ediň Kuranlar, “Eý, wah” diýsin şeýtanlar, Remezan geldi, Remezan. Gaflat aýy däldir bu, Öýke aýam däldir bu, Rahmet aýy diýmek bu, Remezan geldi, Remezan...

düýn 09:44
1.4k+

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täze şowhunly tomaşa görkezilýär

Dynç güni — bu diňe bir iş günleriniň arasyndaky arakesme däl. Bu adaty durmuşyň depgininden çykyp, özüňize we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş bermek üçin gowy mümkinçilikdir. Arkadag şäherinde şeýle pursatlary peşgeş berýär ýerleriň biri hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkidir...

16.02.2026 09:59
9.8k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar...

13.02.2026 18:26
28k+

2026-njy ýylda Oraza aýynda Aşgabatda we welaýatlarda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 18-nji fewrala, soňky güni bolsa — 19-njy marta gabat gelýär...