Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby «Glieriň güýzi» halkara bäsleşiginde I derejeli baýraga eýe boldy

  • 09.12.2023 18:28
  • 23k+

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz gurallary kafedrasynyň bäşinji ýyl talyby Annaoraz Döwletow R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde wiolonçel hünäri boýunça 20-25 ýaş aralygyndaky kategoriýada birinji derejeli baýragy aldy.

Annaoraz Döwletow bäsleşikde Nury Halmämedowyň «Şygyr» we Dawid Popperiň wiolonçel we fortepiano üçin wenger rapsodiýasyny ýerine ýetirdi.
2017-nji ýyldan bäri her ýyl Reýngold Moritsewiç Glieriň hormatyna Moskwada «Glieriň güýzi» ady bilen geçirilýän ýaş ýerine ýetirijiler üçin bäsleşik şu ýyl 15-nji noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda geçirildi.
Reýngold Moritsewiç Glier - Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi. Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.
TMK-nyň mugallymy Ýusupgeldi Gandymowa we konsertmeýsteri Jennet Hudaýgulyýewa hem Annaoraz Döwletowy üstünlikli taýýarlandygy üçin Halkara bäsleşik şahadatnamalary gowşuryldy.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....