Halkara küşt federasiýasy reýting hasaplaýyş ulgamyny üýtgetmegi meýilleşdirýär

  • 09.12.2023 11:41
  • 3k+

Halkara küşt federasiýasy öz resmi web sahypasynda FIDE-niň reýtingi hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler girizmek baradaky teklipleri çap etdi.

Esasy täzelikleriň biri, 2000 utukdan az gazanan oýunçylar üçin reýtingde bir gezeklik üýtgeşiklik bolup biler. Olar üçin reýting (0.40) x (2000 - häzirki reýting) formulasy arkaly hasaplanar. 2000 ýa-da ondan ýokary derejeli oýunçylar häzirki utuklaryny saklarlar.
Şeýle hem, reýtingiň deflýasiýasyna garşy göreşmek üçin iň pes bahasyny 1000-den 1400 utuk aralygynda ýokarlandyrmak teklip edilýär. Beýleki üýtgeşmeler başlangyç reýtingiň hasaplanylyşyna we has gowşak garşydaşdan ýeňlen halatynda ýitirilen reýtingiň mukdaryny çäklendirýän 400 punktyň düzgünleriniň täzeden dikeldilmegine degişlidir.
Üýtgeşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemgyýetçilik maslahatlary 2023-nji ýylyň mart aýynda başlandy. Bu üýtgetmeler, 2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda FIDE Geňeşi tarapyndan tassyklanan halatynda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girer.

düýn 23:07
6.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2.1k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......