«Hisense» brendiniň Aşgabatdaky resmi dükanlary utuşly oýun geçirýär

  • 02.12.2023 22:47
  • 35k+

Hojalyk tehnikalarynyň dünýä belli brendi bolan «Hisense» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekiliniň dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli utuşly oýun geçirilýär.

Oýnuň şerti:

  • 24-nji dekabra çenli «Hisense» brendiniň Aşgabatdaky resmi dükanlaryndan 10 müň manatlyk söwda eden her bir müşderä 1 sany utuş bileti berilýär.
  • 24-nji dekabr güni «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezindäki «Hisense» dükanynda biletleriň eýeleri bije çekişlik esasynda sowgatlary alyp bilerler.

Sowgatlaryň hatarynda: telewizorlar, mikrotolkunly peçler, sowadyjylar, kofe maşynlary, et üweýjiler, blenderler we başga-da köp sanly utuşlar bar.
Kompaniýa söwdany diňe resmi dileriň dükanlaryndan etmelidigini ýatladýar.
Şeýle hem dükanlarda «Hisense» kompaniýasynyň ähli önümlerine 20%-e çenli arzanladyş hereket edýär. 
«Hisense» kompaniýasy telewizorlaryň, sowadyjylaryň, kir ýuwýan we gap-gaç ýuwýan maşynlaryň, kondisionerleriň, mikrotolkunly peçleriň, tozan sorujylaryň we beýleki enjamlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Kompaniýanyň ähli önümlerine bir ýyl kepillik we iki ýyllyk möhlet bilen tehniki taýdan hyzmat etmek mümkinçiligi berilýär.
Aşgabadyň çäklerinde eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Aşakdaky salgylarda Aşgabatdaky «Hisense» dükanlaryna baryp, utuşly oýun barada anyk maglumatlar bilen tanşyp bilersiňiz:
1. «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, dükan № B11a.
Telefonlar: +993 61 719933, +99312 468166;
2. «Bereketli» bazary, 2-nji gat, dükan № 190.
Telefon: +993 63 149933.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....