Anhel Di Mariýa karýerasyny Argentinanyň çempionatynda dowam etdirer

  • 02.12.2023 15:41
  • 7.5k+

Portugaliýanyň “Benfikasynyň” ýarym goragçysy Anhel Di Mariýa Argentinanyň çempionatyna gaýdyp gelmäge taýýarlanýar. Record neşiriniň habar berşi ýaly, 2024-nji ýylyň iýul aýynda 35 ýaşly futbolçy erkin agent hökmünde eziz kluby “Rosario Sentrala” dolanyp geler diýip, championat.com belleýär.

Di Mariýa erkin agent hökmünde 2023-nji ýylyň tomsunda “Benfika” geçdi. Öň, ol Madridiň “Realynda”, “PSŽ-de” we “Mançester Ýunaýtedde” hem çykyş etdi.
“Benfikanyň” düzüminde oýunçy Portugaliýanyň çempiony we Liganyň kubogynyň eýesi boldy. Di Mariýa “Real” bilen Ispaniýanyň çempionatynda, Çempionlar ligasynda, Ispaniýanyň Kubogynda we Super kubogynda ýeňiş gazandy. “PSŽ-de” oýnan wagty argentinaly ýarym goragçy bäş gezek Fransiýanyň çempiony boldy.
2022-nji ýylda Di Mariýa Argentinanyň milli ýygyndysyna dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....