Çempionlar ligasynyň pleý-offuna 16 gatnaşyjydan 12-si belli boldy

  • 30.11.2023 21:01
  • 11k+

Futbol boýunça Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň jemi boýunça pleý-off-a 16 gatnaşyjydan 12-si belli boldy.

29-njy noýabrda 1/8 finala ýollamany “Lansy” utan Londonyň “Arsenaly” (0:6) we “Sewilýany” utan “PSW” (2:3) aldy.
Mundan öň Çempionlar ligasynyň pleý-offuna “Mançester Siti”, Mýunheniň “Bawariýasy”, Milanyň “Interi”, “Real Sosýedad’, Madridiň “Realy”, “RB Leýpsig”, Madridiň “Atletikosy”, “Barselona”, Dortmundyň “Borussiýasy” we Rimiň “Lasiosy” çykdy.
Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji tapgyry 12-13-nji dekabrda geçiriler. 1/8 final oýunlary 13-nji fewralda bolar. Ýaryşyň finaly 1-nji iýunda Londonyň “Uembli” stadionynda geçiriler.  
Ýaryşyň häzirki ýeňijisi geçen ýylky ýaryşyň final oýnunda “Interi” 1:0 hasabynda utan “Mançester Sitidir”. Angliýaly klub üçin bu ýeňiş taryhda Çempionlar ligasynda ilkinji boldy. 


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......