Öz logotipiň bilen ýokary hilli ýeňsiz kurtkalary nireden sargyt edip bolýar?

  • 29.11.2023 10:03
  • 11k+

Logotipiň oturdylan ýeňsiz kurtkalar diňe bir öz işgärleriň üçin iş eşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müşderiler üçin hem ýerine düşen sowgat bolup biler. Siziň logotipiňiz oturdylan ýeňsiz kurtkalary geýen müşderiler brendiň mahabatyny mugt ýaýradyjylar bolup durýar. Howanyň sowap başlamagy bilen marketleriň, söwda merkezleriniň, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan dürli kärhanalar işgärleriniň iş eşiginiň üstünden kurtka geýmek zerurlygy ýüze çykýar. Öz logotipiň oturdylan ýeňsizler hem brendiň tanalmagyna täsir eder, hem müşderiler üçin sowgatlyk bolar.
Bu hili kurtkalary «Gadyr Style» kärhanasy taýýarlap berýär.

EKLIN, ÝOLAŞAN, TIMAR, BANT, RYSGAL kompyuter, Altyn şöhle ýaly kompaniýalar öz müşderilerine sowgat hökmünde Gadyr Style-yň ýokary hilli ýeňsiz kurtkalaryny paýladylar.
«Gadyr Style» žiletlere we kurtkalara oturdyp beren haryt nyşanlarynyň köp gezek ýuwlandan soň hem, uzak wagtlap ýokary hilini saklap galjakdygyny kepillendirýär. Kompaniýanyň logotipi kurtkanyň döşüne we arka tarapynda dokma görnüşinde hem-de ýelmenýän nakleýka görnüşinde oturdylýar. Gadyr Style-yň ýeňsizleriniň esasy aýratynlygy — sargyt edilen ýeňsizler müşderileriň saýlan dizaýnyna görä tikilýär. Logotip dokma görnüşinde edilip, ol ýeňsiz kurtka bilen sazlaşyp oturýar.


Sargydyň iň az mukdary — 50 sany.
Sargytlar — 15-20 günüň dowamynda ýerine ýetirilýär.
«Altyn şöhle», «Mekan konditer», «Tolkun», «Timar», BANT, «Ýunus», «Rysgal kompýuter» ýaly kompaniýalar, Şazada market, City market, Şerbet market, Halk market, Aşgabat market, Paýtagt market ýaly marketlerdir söwda merkezleri öz işgärleri üçin «Gadyr Style» hususy kärhanasyndan logotipli ýeňsiz kurtkalary aldylar.
Žiletler bilen bir hatarda «Gadyr Style» kompaniýasy güýz-gyş möwsüminde zerur bolan kurtkalaryň hem giň toplumyny öndürýär. Kurtkalara hem sargyt ediji kompaniýanyň haryt nyşanyny — logotipini oturdyp bolýar.

Öz logotipiňiz oturdylan ýeňsiz žiletleri, kurtkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
+99365082347
 

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 10:44
1.9k+

Arkadag şäherindäki sirk dynç gününi ýatdan çykmajak pursatlara öwürýär

Maşgala bilen dynç günüňizi ýatdan çykmajak derejede geçirmek üçin näme etmeli? Bu soraga Arkadag şäheri iň jaýdar jogaby hödürleýär. Her ýekşenbe güni Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde çagalary hem ululary deň derejede özüne çekýän sirk oýunlary görkezilýär...

03.02.2026 13:36
19k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» we Ronaldu effekti: telekeçiler ýokary isleg döwrüne howsala düşmän nädip taýynlanyp biler

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy geçiriler: «Arkadag FK» – «Al-Nasr». Petekler Aşgabat häkimliginiň web-sahypasy we Sanly şäher programma üsti arkaly onlaýn satylýar...

27.01.2026 21:02
12k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
12k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...