Şu gün UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň nobatdaky tapgyry geçiriler

  • 28.11.2023 15:09
  • 11k+

Şu gün, milli ýygyndylaryň oýunlary sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň, futbol boýunça Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary dowam etdiriler.

Sişenbe güni, 28-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň sekiz oýny geçiriler.
Has gyzyklylarynyň arasynda F toparçadaky oýunlary bellemek bolar, onda toparlaýyn tapgyryň gutarmagyna iki tapgyr galanda dört klubuň hemmesi 1/8 finala çykmak mümkinçiligini saklaýar. Häzirlikçe 7 utuk bilen Dortmundyň “Borussiýasy” öňdebaryjy. Onuň yzyndan “Pari Sen-Žermen” (6), “Milan” (5) we “Nýukasl” (4) gelýär.
Şu gün üçin tertip şeýle görnüşde:

  • E toparça: “Lasio” – “Seltik”, “Feýenoord” – “Atletiko”.
  • F toparça: “Pari Sen-Žermen” – “Nýukasl”, “Milan” – “Borussiýa” (Dortmund).
  • G toparça: “Mançester Siti” – “Leýpsig”, “Ýang Boýz” – “Srwena Zwezda”.
  • H toparça: “Şahtýor” (Donesk) – “Antwerpen”, “Barselona” – “Portu”.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyry 13-nji dekabra çenli dowam eder. Birinji we ikinji orunlaryň eýeleri ýaryşyň pleý-offunda göreşi dowam etdirer. Üçünji orunlary eýelän toparlar Ýewropa ligasyna çykar.


düýn 15:42
4.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......