Di Mariýa 2024-nji ýylyň tomsunda Argentinanyň milli ýygyndysyndan gidýändigini mälim etdi

  • 24.11.2023 23:59
  • 8.5k+

Lissabonyň “Benfikasynyň” ýarym goragçysy Anhel Di Mariýa indiki ýyl Amerikanyň Kubogyndan soň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Muny sport.rambler.ru ýetirýär.

«Men Amerikanyň kubogynda iň soňky gezek milli ýygyndynyň köýnekçesini geýerin, kalbymda uly agyry bilen karýeramda bolup geçen iň ajaýyp zat bilen hoşlaşýaryn. Ähliňize minnetdar, biz taryhy ýazmagy dowam edýäris.

Futbol boýunça Amerikanyň kubogy 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçiriler.
Ýatlap geçsek, 35 ýaşly Anhel Di Mariýa 2008-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Argentinanyň milli topary üçin çykyş edýär. Onuň düzüminde oýunçy 136 oýna gatnaşyp, öz hasabyna 36 goly ýazmagy başardy. Mundan başga-da, Di Mariýa milli ýygyndy bilen 2022-nji ýylda dünýä çempionatynda we 2021-nji ýylda Amerikanyň Kubogynda ýeňiş gazandy.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....