Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň derwezebany Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy

  • 31.10.2023 10:27
  • 12k+

Argentinaly Emiliano Martines “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy derwezebanyna berilýän Lew Ýaşin baýragyna eýe boldy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Angliýanyň “Aston Willa” klubunyň derwezebany baýragy Parižde geçirilen dabarada aldy.

31 ýaşly Martines 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempiony boldy, Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýaryşyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi.
Lew Ýaşin adyndaky baýrak 2019-njy ýyldan bäri gowşurylýar. 2022-nji ýylda baýragy Ispaniýanyň “Real” toparynyň we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Tibo Kurtua aldy.


düýn 11:44
7k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

03.03.2026 15:21
5.8k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...

02.03.2026 18:53
12k+

FIFA-nyň prezidenti jedelli pursatlarda agzyny eli bilen ýapýan oýunçylary meýdançadan çykarmagy teklip etdi

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino meýdançadaky gapma-garşylykly pursatlarda agzyny elleri ýa-da köýnekçesi bilen ýapýan oýunçylara gyzyl duýduryş karty bermek arkaly jezalandyrmaga çagyrdy...

01.03.2026 10:48
7k+

«Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etdi

Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Barselonanyň» oýunçylary öz meýdançasynda geçirilen oýunda «Wilýarrealy» 4:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu duşuşykda 18 ýaşly Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etmegi başardy...