2030-njy ýyldaky dünýä çempionaty alty ýurtda geçiriler

  • 05.10.2023 00:12
  • 12k+

2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny alty ýurt kabul eder. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.

Ýaryşyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar. Dünýä çempionatynyň ilkinji üç oýnuny Argentina, Paragwaý we Urugwaý kabul eder. Ýaryşyň finaly Madridde «Santýago Bernabeu» stadionynda geçiriler. Dünýä çempionatynyň oýunlary ilkinji gezek dürli yklymlarda geçiriler.

«FIFA-nyň Geňeşi 1930-njy ýylda ilkinji gezek Urugwaýda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň 100 ýyllygyny bellemek barada biragyzdan karar kabul etdi. Netijede, baýramçylyk Günorta Amerikada geçiriler, Günorta Amerikanyň üç ýurdy – Urugwaýyň, Argentinanyň we Paragwaýyň hersinde 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň bir oýny bolar. Bu üç oýnuň ilkinjisi, elbetde, ähli zadyň başlanan meýdançasynda – Montewideodaky mifiki «Sentenario» stadionynda oýnalar» diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino belledi.

«Şeýle hem FIFA-nyň Geňeşi 2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmek boýunça ýeke-täk ýüztutmanyň Marokkonyň, Portugaliýanyň we Ispaniýanyň bilelikdäki dalaşgärliginiň boljakdygy barada biragyzdan ylalaşyga geldi» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň ýüz tutup biljekdigi bellendi. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....