«Lasionyň» derwezebany Çempionlar ligasynda «Atletiko» oýundan gol geçirip hasaby deňledi

  • 20.09.2023 10:48
  • 17k+

Italiýanyň «Lasio» klubunyň derwezebany Iwan Prowedel Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda ispanlaryň «Atletikosyna» gol geçirdi. Duşuşyk RImde Olimpiýa stadionynda geçirildi.

Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Prowedel duşuşygyň ikinji ýarymyna goşmaça goşulan 5-nji minutda gol geçirdi we toparyna deňme-deňlik getirdi. «Atletikonyň» düzüminde 19-njy minutda Pablo Barrios gol geçirdi.
Prowedel Çempionlar ligasynyň çäklerinde oýundan gol geçiren ikinji derwezeban boldy. 2009-njy ýylda Belgiýanyň «Standart» klubunyň derwezebany Sinan Bolat Niderlandlaryň AZ klubuna garşy oýunda gol geçiripdi.


düýn 14:21
6.5k+

Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi...

düýn 10:48
2.2k+

Mbappe, Dembele, Holand we Pedri EA Sports FC 26-da «Ýylyň toparyna» girdi

Electronic Arts kompaniýasy ulanyjylaryň ses bermeginiň netijesi boýunça EA Sports FC 26 oýnunda «Ýylyň toparyny» hödürledi. Sanawa senenama ýylynyň dowamynda has tapawutlanan 11 oýunçy girdi. Bu futbolçylar Ultimate Team režiminde ýokary häsiýetnamalar bilen (94-den 97-ä çenli) ýörite wirtual kartoçkalary alar...

16.01.2026 23:02
4.2k+

Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy

«Barselonanyň» germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Ştegen ýakyn wagtda «Žironanyň» oýunçysy bolar. Taraplar häzir oýunçyny kärendesine almak boýunça şertnamany ylalaşmagyň ahyrky tapgyrynda diýip, insaýder Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi...

16.01.2026 17:59
3.3k+

Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda ýaş türgenler üçin nobatdaky futbol festiwaly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň futzal kluby bilen bilelikde guraldy...