Messiniň ogly Týago «Inter Maýaminiň» çagalar toparynda ilkinji oýnuna çykdy

  • 19.09.2023 11:25
  • 23k+

Lionel Messiniň uly ogly Týago Messi «Inter Maýaminiň» U12 toparynyň Floridanyň akademiýalar ligasyndaky oýnuna gatnaşdy. Lionel Messiniň iki ogly Dewid Bekhamyň klub akademiýasynda okaýar.

«Inter Maýami» Floridanyň akademiýalar ligasynda «Weston» bilen geçirilen oýunda ýeňiş getiren gollaryň wideo ýazgysyny (2:1) «Instagramda» paýlaşdy. Wideoda 10 ýaşly Týago gollaryň birini baýram edýär.
Týago Messi ozal «Barselona» we «PSŽ» akademiýalarynda kakasy bu klublarda oýnan wagty okaýardy. Messiniň ortanjy ogly, sekiz ýaşly Mateo «Inter Maýami» akademiýasyna ilkinji gezek geldi.
Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitanynyň bäş ýaşly Çiro atly ýene bir ogly bar.
Messi iýul aýynda resmi taýdan «Inter Maýaminiň» oýunçysy boldy we 11 oýunda 11 pökgi geçirip, toparyna taryhyndaky ilkinji kubogyny – Ligalaryň kubogyny almaga kömek etdi.


düýn 15:42
6.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......