Realme 24 Gb operatiw ýatly täze flagman smartfonyny tanyşdyrdy

  • 31.08.2023 11:39
  • 9.1k+

«Realme» kompaniýasy Hytaýda güýçli gurluşy we tapawutlanýan dizaýny bolan «GT5» flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu barada «Equal Leaks» Telegram kanaly habar berýär.

«Realme GT5» kameralaryň sag tarapynda, öňki görnüşleri bilen deňeşdireniňde has ulaldylan dury «penjiresi» bolan berk aýnaly arka panel bilen üpjün edildi. Onuň aňyrsynda çip bölümini we enjamyň beýleki gurluşlaryny, şeýle hem birnäçe elementlere bölünen yşyklandyryş ulgamyny görmek mümkindir. Ol gelýän jaňlar we duýduryşlar barada ulanyja habar bermäge ukyplydyr.
Täze smartfon «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi, «LPDDR5X» standartly operatiw ýat we UFS 4.0 içki tiz maglumat saklaýjy bilen enjamlaşdyryldy. Smartfonda 20827 inedördül mm meýdany bolan sowadyş ulgamy we suratyň hiline jogap berýän «Pixelworks X7» displeýi üçin ýörite çip ýerleşdirilendir.
«Realme GT5» 144 Gs täzeleniş tizligi we iň ýokary ýagtylygy 1400 nit bolan 6,74 dýuýmlyk 1.5K durulykly (2772x1240) OLED ekrany bilen üpjün edildi. Şeýle hem 2160 Gs-lik ýokary ýygylykly giňlik-impuls modulýasiýasynyň we sensor gatlagynyň 2000 Gs çenli diskretizasiýa ýygylygynyň bardygy bellendi.
50 MP durulykdaky «Sony IMX890» smartfonynyň esasy kamerasy optiki stabilizasiýa (OIS) bilen enjamlaşdyrylandyr we 8 MP «IMX355» ultra giň burçly sensor hem-de 2 MP makromodul bilen üsti ýetirilendir. Selfi kamerasy 16 MP datçik bilen hödürlenýär.
Täze smartfon iki modifikasiýada çykar. Birinjisi 240Wt kuwwatlygy bolan zarýad beriji we 4600mAs sygymly akkumulýator bilen hödürlener, ikinjisi bolsa 150Wt zarýad kuwwatlygy bolan 5240mAs batareýa bilen enjamlaşdyrylar.
Beýleki aýratynlyklara Wi-Fi 7, NFC, Dolby Atmos goldawy bilen stereo dinamikler we Android 13 bilen işleýän öňünden gurnalan Realme UI 4.0 ulgamy girýär.

düýn 22:59
303

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

düýn 18:12
646

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

düýn 15:25
962

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

düýn 11:45
1.6k+

Barlag: Internetdäki anonimlik ýaşlaryň özüne erk ediş derejesini peseldýär we agressiýany artdyrýar

Internetde anonimlik aýdylýan sözler üçin jogapkärçiligi ep-esli peseldýär we ýaşlaryň arasynda özüňe erk etmegiň derejesini gowşadýar, sözde haýbat atmagyň we trollingiň artmagyna sebäp bolýar....