Şu gün Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekiler

  • 31.08.2023 11:22
  • 12k+

Şu gün Monakoda Çempionlar ligasynyň 2023/24 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekiler. Dabaranyň barşynda Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) garaýşy boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda iň gowy futbolçylar hem-de tälimçiler belli ediler.

Bije çekişlik aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanar. Bu ýyl Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanan klublar şulardan ybarat: "Arsenal", "Mançester Siti", "Mançester Ýunaýted", "Nýukasl" (Angliýa), "Atletiko", "Barselona", "Real", "Real Sosýedad", "Sewilýa" (Ispaniýa), "Bawariýa", "Borussiýa Dortmund", "Leýpsig", "Ýunion" (Germaniýa), "Inter", "Lasio", "Milan", "Napoli" (Italiýa), "Benfika", "Braga", "Portu" (Portugaliýa), "Lans", PSŽ (Fransiýa), PSW, "Feýenord" (Niderlandlar), "Zalsburg" (Awstriýa), "Seltik" (Şotlandiýa), "Srwena Zwezda" (Serbiýa), "Ýang Boýz" (Şweýsariýa), "Galatasaraý" (Türkiýe), "Şahtýor" (Ukraina), "Antwerpen" (Belgiýa), "Kopengagen" (Daniýa).
Toparlaýyn tapgyrlaryň duşuşyklary 19-20-nji sentýabr, 3-4-nji oktýabr, 24-25-nji oktýabr, 7-8-nji noýabr, 29-30-njy noýabr we 12-13-nji dekabrda geçiriler.
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Londonda «Uembli» stadionynda geçiriler.


düýn 15:42
4.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......