Z Fold 5-iň ekrany dünýäde iň gowy ekran diýlip ykrar edildi

  • 30.08.2023 11:48
  • 11k+

«DxOMark» reýting guramasynyň hünärmenleri «Samsung Galaxy Z Fold5» eplenýän smartfonyň ekranyny synagdan geçirdiler we ony bazardaky iň gowusy diýip ykrar etdiler.

Synagyň netijelerine görä, smartfonyň ekrany 152 ball gazandy, şonuň esasynda hem «Galaxy Z Fold5» umumy reýtingde birinji orny eýeledi. Eplenýän «Google Pixel Fold» we «Honor Magic5 Pro» 151 ball bilen ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.
Hünärmenler HDR10 fotmatyndaky wideokontent üçin reňk takyklygy we ýagtylygy, islendik yşyklandyryş şertlerinde gowy okalmagy we ekranyň akgnly işleýşi üçin «Galaxy Z Fold5-e» ýokary baha berdiler. Ekranyň kemçilikleriniň hatarynda Gün şöhlesinde ýokary ýagtylyk režiminiň görkezilýän surata tebigy däl görnüş bermegini, şeýle hem ekranyň eplenýän ýerinde göze ilip duran gasynyň bardygy bellenildi.
«Samsung Galaxy Z Fold5» iki displeý bilen üpjün edildi – 7,6 dýuýmlyk içki eplenýän ekran we 6,2 dýuýmlyk daşky ekran. Iki ýagdaýda-da 120 Gs täzeleniş tizligi bolan Dynamic AMOLED 2X matrisas ulanylýar.
Mundan başga-da, «Samsung Galaxy Z Flip5» eplenýän ykjam smartfon 149 ball toplap, «DxOMark-yň» sanawynda altynjy orny eýeledi.


23.03.2026 00:03
5.6k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.8k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...