“Barbi” “Garri Potterden” öňe geçip, Warner Bros. kompaniýasynyň iň girdejili filmi boldy

  • 29.08.2023 15:14
  • 9k+

Nobatdaky uikendiň jemi boýunça “Barbi” ABŞ-da ýene 18,2 mln dollar ýygnap, sebitdäki girdeji ýygymyny 594 mln dollara ýetirdi. Demirgazyk Amerikanyň çäginden daşary filmiň girdejisi 745 mln dollardan geçip, onuň umumy görkezijisini 1,34 mlrd dollara ýetirdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Şeýlelik bilen, “Barbi” Warner Bros. kompaniýasynyň taryhynda iň köp girdeji gazanan film boldy. Bu orny 12 ýyllap 1,31 mlrd dollar netije bilen “Garri Potter we Ölüm peşgeşi: Bölüm 2” filmi saklapdy. 2023-nji ýylyň görkezijileri barada aýdylanda, bu ýerde Greta Gerwigiň filmi diňe 1,35 mlrd dollar girdejili “Doganlar Super Mario” kartinasyndan yza galyp, ikinji orny eýeleýär.

Warner Bros. kompaniýasynyň taryhynda iň köp girdeji gazanan filmler:

  1. “Barbi” (2023) - $1,34 mlrd;
  2. “Garri Potter we Ölüm peşgeşi: Bölüm 2” (2011) - $1,31 mlrd;
  3. “Akwamen” (2018) - $1,14 mlrd;
  4. “Gara rysar: Legendanyň täzeden döreýşi” (2012) - $1,08 mlrd;
  5. “Joker” (2019) - $1,06 mlrd;
  6. “Hobbit: Garaşylmadyk syýahat” (2012) - $1,01 mlrd;
  7. “Gara rysar” (2008) - $998 mln;
  8. “Garri Potter we jadygöýüň daşy” (2001) - $965 mln;
  9. “Hobbit: Smaugyň çöllügi” (2013) - $959 mln;
  10. “Garri Potter we Ölüm peşgeşi: Bölüm 1” (2010) - $951 mln.
11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....