Android smartfonlarynda emeli aň goldawy peýda bolup biler

  • 27.08.2023 18:11
  • 7.1k+

«MediaTek» smartfonlar üçin emeli aňy we generatiw modelleri goldaýan prosessoryň çykaryljakdygyny yglan etdi diýip, «Android Police» neşiri habar berýär.

Kompaniýa täze prosessorlaryna «Meta-nyň» «Llama 2» dil modeliniň goldawyny girizjekdiklerini belledi. Çipiň «Android» ulgamynyň binýadynda işleýän smartfonlarda, planşetlerde, akylly öý enjamlarda we ulag serişdelerinde peýda bolmagyna garaşylýar.
Täze tehnologiýanyň enjamyň hasaplaýyş kuwwatyny ýokarlandyrjakdygy bellendi. Şeýle hem «MediaTek» prosessorlaryna esaslanýan smartfon generatiw modellere internete birikmezden girip biler. Kompaniýa täze prosessorlara esaslanýan ilkinji enjamlarynyň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli peýda bolmagyna garaşýandyklaryny mälim etdi.

düýn 20:20
3.3k+

Saharadan gelen gyzgylt ümür Türkiýäniň günorta kenaryny gurşap aldy

Afrikadan gelen çäge tozany Türkiýäniň günorta sebitlerine-de baryp ýetdi. Bu tebigy hadysa sebäpli asman adaty bolmadyk mämişi reňke bürendi we birnäçe şäherlerde aralyklary görmek kynlaşdy diýip, Anadolu......

düýn 20:03
3.4k+

Floridanyň Palm-Biç aeroportyna Donald Trampyň adyny dakmak meýilleşdirilýär

Floridadaky Palm-Biç şäheriniň halkara howa menziline ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň adyny dakmak göz öňünde tutulýar. Degişli permana 30-njy martda ştatyň gubernatory, respublikaçy Ron DeSantis gol çekdi....

düýn 19:37
1.8k+

Hindistanda sanly görnüşde iň uly ilat ýazuwy başlandy

Hindistanda ilat ýazuwy başlandy we ol ilkinji gezek doly sanly görnüşde geçirilýär. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Baş registrator we ilat ýazuwy boýunça komissar edarasy habar berdi....

düýn 16:15
2.3k+

GPS geçmişde galdy: Beýik Britaniýada kwant nawigasiýaly otly synag edildi

Beýik Britaniýa dünýäde ilkinji bolup, magistral otlusynda kwant nawigasiýa ulgamyny barlap gördi. Bu synag işleri London bilen Uelwin-Gaden-Siti şäherleriniň arasyndaky Great Northern ýolunda amala aşyryldy....