Türkmenistan Özbegistana gaz ibermek boýunça täze şertnama baglaşmagy ylalaşdy

  • 25.08.2023 17:13
  • 9.4k+

Türkmenistan we Özbegistan türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek barada täze şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar. Bu barada 24-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine üns çekildi. Şunda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň dowamynda bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garadylar.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda energetika ulgamynda dürli derejede ozal gazanylan ylalaşyklary we şertnamalary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň köp ugurlar boýunça dünýä döwletlerine, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlara ibermek işini işjeňleşdirmek barada hem aýratyn durlup geçildi.
Özbegistan Respublikasynyň energetika ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen hem duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Taraplar bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda energetika geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....