“Barbi” täze sahnalar bilen IMAX-da hepdelik prokata çykar

  • 25.08.2023 13:40
  • 6.9k+

Warner Bros. studiýasy 22-nji sentýabrda IMAX-da “Barbi” lentasyny çäkli hepdelik prokata çykarar. Bu barada “Variety” habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Neşir geljekki relizde titrlerden soň görkeziljek filmden eksklýuziw kadrlaryň boljakdygyny belleýär. Olar režissýor Greta Gerwigiň hut özi tarapyndan saýlanyp alyndy.
22-nji awgustda Raýan Gosling “Barbi” filminiň perde aňyrsyny görkezdi – ol Ken bilen aýdym-saz sahnasynyň surata düşürilişini ýazgy edipdir. Wideoda aktýoryň “I’m Just Ken” aýdymyna we onuň üçin horeografiýa nähili taýýarlanýandygy görkezilýär.
Ýatlap geçsek, 3-nji awgustda “I’m Just Ken” aýdymy Billboard Hot 100 sanawyna girdi. Bu aýdymyň netijesinde Gosling ilkinji gezek bu çarta goşuldy.
“Barbiniň” premýerasy 19-njy iýulda boldy. Ilkinji dynç günleri filmiň girdeji ýygymy 356 mln dollar boldy. Filmde baş keşbi ýerine ýetiren Margo Robbi ýa-da Raýan Gosling bilen beýleki surata düşürilen filmleriň hiç biri-de prokatda uly mukdar ýygnamandy.

şu gün 13:07
1.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....