Paint-de we beýleki Windows programmalarynda emeli intellekt funksiýasy peýda bolar

  • 24.08.2023 23:30
  • 7.9k+

Microsoft kompaniýasy Windows programmalaryna, şol sanda Paint grafiki redaktoryna emeli intellekt funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Windows Central-yň habar bermegine görä, kompaniýa ulanyjy tarapyndan girizilen tekst düşündirişine esaslanyp, şekil döredip biljek algoritmi Paint-e birleşdirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Algoritm Bing Image Creator serwisi tarapyndan eýýäm ulanylýan neýroulgama esaslanar. Çeşme Paint-iň täze funksiýalary bolan täzelenen interfeýsiniň maketini hem çap etdi. Grafiki redaktorda Magic Paint düwmesi we gapdal panel peýda bolmaly, bu ýerde ulanyjy isleg bildirilýän şekiliň parametrini görkezip biler. Soňra alnan şekil islege görä geljekki üýtgetmeler ýa-da ýatda saklamak üçin düşege geçirilýär.
Paint-den başga-da, emeli intellekt funksiýasy “Fotografiýalar”, “Kamera” we “Gaýçy” ýaly beýleki Windows programmalaryna-da girizilip bilner. Olar fotografiýalarda we ekran suratlarynda ýüzi we teksti tanamak mümkinçiligini alarlar, bu hem grafiki maglumatlar bilen işlemegi aňsatlaşdyrar.
Täze funksiýanyň Windows-da haçan peýda boljakdygy belli däl. Microsoft operasion sistemasynyň indiki uly täzelenmesi 2024-nji ýyla meýilleşdirilýär.
Microsoft kompaniýasy heniz bu maglumat barada teswir bermedi.


21.05.2026 23:48
1k+

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

21.05.2026 13:59
2.6k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

11.05.2026 20:26
1k+

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

29.04.2026 18:34
2.9k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....