Yrak Türkmenistandan gaz almak barada başlangyç ylalaşyk gazandy

  • 24.08.2023 19:05
  • 9.6k+

Yrak elektrik stansiýalaryny işletmek üçin Türkmenistandan gaz import etmek barada başlangyç ylalaşygy gazandy.

Yragyň nebit ministriniň orunbasary Ezzat Saberiň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky ylalaşyk Aşgabatda nebit we elektrik energiýasy ministrlikleriniň wekiliýetiniň, Yragyň beýleki resmi adamlarynyň we Türkmenistanyň gaz pudagynyň işgärleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň gazanyldy diýip, ORIENT ýetirýär.
Yragyň INA resmi habarlar gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanatda Sabir gutarnykly şertnama 2023-nji ýylyň ahyryna çenli gol çekiljekdigini aýtdy.

Sabir: "Ýylyň ahyryna çenli gol çekiljek şertnama Türkmenistan tarapyndan Yraga iberiljek gazyň mukdaryny kesgitlär" - diýdi.

Bu maksat bilen taýýarlanylýan hyzmatdaşlyk memorandumyna laýyklykda, elektrik stansiýalarynyň zerurlyklarynyň bir bölegini kanagatlandyrmak üçin köp mukdarda gaz import etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny we şu ýylyň ahyryna çenli memoranduma gol çekiler diýip umyt bildirýändigini we onuň iki ýurduň arasynda kabul ediljek teklip edilýän göwrümleri we mehanizmleri öz içine aljakdygyny aýtdy.
Saber bu şertnamany sebitde we dünýäde iň möhüm gaz öndürýän ýurtlardan biri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň gözýetimini giňeltmekde uly ädim diýip atlandyrdy.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...