“Oppengeýmer” režissýor Kristofer Nolanyň iň girdejili dördünji filmi boldy

  • 22.08.2023 23:56
  • 7.8k+

Geçen dynç günleri Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filminiň dünýädäki girdeji ýygymy 700 mln dollardan geçdi. Relizinden bir aý geçenden soň film şu ýylyň iň köp girdeji gazanan kartinalarynyň reýtinginde dördünji orny eýeledi. Bu barada forbes.kz belleýär.

21-nji iýulda premýerasy bolan “Oppengeýmer” amerikaly fizik Robert Oppengeýmer barada gürrüň berýär. Onuň ýolbaşçylygynda Ikinji jahan urşy döwründe atom bombasy döredilýär. Alymy aktýor Kilian Mýorfi oýnady. Film Kaý Berd we Martin Şerwin tarapyndan ýazylan we Pulitser baýragyny alan “Amerikaly Prometeý: J. Robert Oppengeýmeriň ýeňşi we tragediýasy” kitabyna esaslanýar. Lenta Greta Gerwigiň “Barbi” filmi bilen bir günde çykdy.
Häzirki wagtda Nolanyň lentasy 717,8 mln dollar gazandy – olardan 285,2 mln dollar ABŞ-da we 432,6 mln dollar halkara bazarynda. Film girdeji ýygymy boýunça “Forsaž-10-dan” (dünýä prokatynda $704 mln) we “Möý adam: Älemleriň kerebinden” ($686 mln) öňe geçdi, ýöne “Doganlar Super Mario kinoda” ($1,35 mlrd), “Barbi” ($1,279 mlrd) we “Galaktikanyň sakçylary: Bölüm 3” ($845 mln) filmlerinden yzda barýar. Şeýle-de, “Oppengeýmer” Kristofer Nolanyň “Başlangyç” ($837 mln), “Gara rysar” ($1,006 mlrd) we “Gara rysar: Legendanyň täzeden dünýä inişi” ($1,08 mlrd) filmlerinden soň iň girdejili dördünji filmi boldy.
“Oppengeýmerde” Kilian Mýorfiden başga-da, Emili Blant, Mett Deýmon, ýaş Robert Dauni we beýlekiler oýnady. Bu Nolanyň Warner Bros. bilen köpýyllyk hyzmatdaşlykdan soň Universal Pictures kinostudiýasynyň howandarlygynda surata düşürilen ilkinji filmidir.

05.06.2026 13:07
4k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....