Xiaomi-niň täze flagman smartfonynyň suratlary paýlaşyldy

  • 21.08.2023 12:33
  • 10k+

Güýzki «Xiaomi 13T Pro» flagmany «Xiaomi 13-iň» esasy seriýasynyň stilinde dizaýn ediler we iki reňkde (gök we gara) çykarylar. Munuň şeýledigini enjamyň «MySmartPrice» neşirinde çap edilen ilkinji ýokary hilli suratlarynda görmek bolýar.

Suratlarda gök reňkli nusganyň arka gapagynyň sintetik deriden ediljekdigi görkezilýär. Gara smartfon matowyý panel bilen üpjün ediler. Enjamyň çarçuwasy tekiz, ekranda 20 megapikselli frontal kamera üçin «o» görnüşli bölüm göz öňünde tutulypdyr. Yzky surat modulynda «Xiaomi 13-iňki» ýaly keseligine ýerleşdirilen üç sany linza bar.
Smartfon 144 Gs täzelenme tizligi we 2712-den 1220-ä piksel durulygy bolan 6,67 dýuýmlyk OLED ekrany, iň täze sekiz ýadroly «MediaTek Dimensity 9200 Plus» prosessory, şeýle hem 16 GB operatiw we 512 GB çenli ulanyjy ýady bilen üpjün ediler.
Esasy kamera hökmünde 50 MP durulykly «Sony IMX707» sensory çykyş eder. Zum üçin 50 MP-lik teleobýektiw we 13 MP-lik ultragiňburçly kamera bilen esasy kameranyň üsti ýetiriler.
«Xiaomi 13T Pro» 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýewropada çykar diýlip garaşylýar. Enjamyň bahasy aýan edilmeýär. Bu nusganyň Hytaýda «Redmi K60 Ultra» ady bilen hödürlenjekdigi mälimdir.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...