Angliýanyň milli ýygyndysyna zenan tälimçilik edip biler

  • 20.08.2023 10:54
  • 14k+

Angliýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (FA) başlygy Mark Bullingem «ESPN» neşirine beren interwýusynda Sarina Wigmanyň Angliýanyň milli ýygyndysynyň indiki tälimçisi bolup biljekdigini aýtdy.

Wigman wezipä bellenen ýagdaýynda erkekleriň professional milli ýygyndylarynyň taryhynda ilkinji zenan tälimçi bolar.

«Meniň pikirimçe, Sarina islendik ýerde işläp bilermi? Hawa. Adamlar hemişe bu wezipede iň gowy erkek tälimçiniň ýa-da iňlis tälimçisiniň bolmalydygyny aýdýarlar. Ýöne näme üçin ol aýal bolup bilmez?
Men onuň işinden örän hoşal we bu işi uzak wagtlap dowam etdirer diýip umyt edýärin» diýip, Bullingem belledi.

Wigman futbol boýunça Angliýanyň zenanlar ýygyndysynyň tälimçisi. 20-nji awgustda Angliýanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň finalynda Ispaniýa bilen duşuşar.


şu gün 14:15
7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......