Messi “Inter Maýaminiň” taryhynda iň gowy bombardirleriň sanawynda üçünji orna çykdy

  • 17.08.2023 08:59
  • 12k+

MLS + MX Ligalaryň kubogynyň “Filadelfiýa Ýunion” we “Inter Maýaminiň” arasynda geçirilen ýarym final oýny 4:1 hasabynda “Inter Maýaminiň” peýdasyna tamamlandy. Oýun Çester şäherindäki (Pensilwaniýa, ABŞ) “Subaru Park” stadionynda geçirildi diýip, championat.com habar berýär.

Duşuşygyň 20-nji minutynda Lionel Messi gol bilen tapawutlandy. Argentinaly futbolçy amerikan toparynyň eşiginde dokuzynjy goluny girizdi. Şeýlelik bilen, Messi “Inter Maýaminiň” taryhynda iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda klubuň düzüminde sekiz gol geçiren ýarym goragçy Robert Teýlordan öňe geçip, arassa üçünji orna çykdy. Şeýle-de, üçlükde Gonsalo Iguain (70 oýunda 29 gol) we Leonardo Kampana (49 oýunda 16 gol) bar.
Ýatlap geçsek, Lionel Messi “Inter Maýami” toparyna tomusky transfer penjiresinde geçdi. Öň, oýunçy “PSŽ” we “Barselona” üçin oýnady.


düýn 15:42
6.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......