Messiniň goly «Inter Maýami-niň» finala çykmagyna ýardam berdi

  • 16.08.2023 14:40
  • 14k+

«Inter Maýami» Leagues Cup çempionatynyň ýarym finalynda «Filadelfiýa Ýunion” toparyndan üstün çykyp, Demirgazyk Amerikanyň we Meksikanyň futbol toparlarynyň arasyndaky ýaryşyň finalyna çykdy.

Çesterde geçirilen (Pensilwaniýa ştaty, ABŞ) duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňiji toparyň düzüminde Hosef Martines (3-nji minut), Lionel Messi (20), Jordi Alba (45 + 3) we Dawid Ruis (84) tapawutlanmagy başardy.
Messi gol geçirmek dowamlylygyny alty oýuna çenli uzaltdy. «Inter Maýamä» geçeninden soň, argentinaly futbolçy gol salmazdan meýdançadan çykmady. Ol alty duşuşykda dokuz pökgi geçirdi we bir ýardam pasyny berdi. Messi «Inter Maýami-niň» iň köp pökgi geçiren oýunçylarynyň sanawynda üçünji orunda barýar, rekord bolsa Gonsalo Iguaine degişlidir (29).
«Inter Maýami» Leagues Cup çempionatynyň birinjiligi üçin 18-nji awgustda «Neşwil» bilen duşuşar.
Eýeleriniň hatarynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekham hem bolan «Inter Maýami» 15-nji iýulda Messiniň düzümine geçendigini yglan etdi. Argentinaly futbolçy Ispaniýanyň «Barselona» toparynyň uçurymydyr, ol toparyň düzüminde on gezek Ispaniýanyň çempiony we dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol 2021-nji ýylda Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparyna geçip, iki gezek milli çempionatda we bir gezek Fransiýanyň Super kubogynda ýeňiji boldy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Messi dünýä çempiony we Amerikanyň kubogynyň eýesi boldy. Argentinaly futbolçy «Altyn pökgä» ýedi gezek mynasyp boldy.


düýn 15:42
6.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......