De Bruýne topardaşlaryna platinadan «iPhone» sowgat berdi

  • 13.08.2023 13:36
  • 19k+

«Mançester Siti» toparynyň belgiýaly futbolçysy Kewin De Bruýne «şäherlileriň» wekilleri üçin platinadan taýýarlanan «iPhone» smartfonlaryny sargyt etdi diýip, gazeta.ru «Daily Mail» neşirine salgylanyp habar berýär.

Ýarym goragçynyň topardaş ýoldaşlaryna 2022/23-nji möwsümde trebl etmekleriniň – üç gezek ýeňiş gazanmaklarynyň hormatyna sargyt esasynda taýýarlanan platinadan «iPhone 14» smartfonlaryny sowgat berendigi bellenilýär. Ol dizaýny «iDesign Gold» brendi tarapyndan işlenip düzülen jemi 26 sany «iPhone» sargyt etdi. Olaryň hersiniň bahasy 5 müň funta deňdir.
Şeýle aýfonlar toparyň baş tälimçisi Pep Gwardiola we toparyň eýesi Şeýh Mansura hem gowşuryldy. Ähli telefonlaryň arkasynda alyjylaryň atlary we «Mançester Siti» toparynyň logotipi ýerleşdirilipdir.
11-nji awgustda «Siti» Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) täze möwsümine «Bernli» toparyndan üstün çykmak bilen başlady. Duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Erling Holand (dubl) we Rodri tora girizdi. Arakesmeden öň Kewin De Bruýne şikes aldy we çalşylmaly boldy.
2022/23-nji möwsümde «Mançester Siti» trebl etdi – «şäherliler» birbada üç kubok gazandylar. Olar APL-de ýeňiji boldular, Angliýanyň kubogyny gazandylar, şeýle hem Çempionlar ligasynda çempion boldular.


şu gün 14:25
6.6k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......