Messi «Inter Maýamide» üçünji oýnunda hem dubl etdi

  • 07.08.2023 15:59
  • 9.7k+

«Inter Maýami» Ligalaryň kubogynyň 1/8 final duşuşygynda «Dallas» toparyndan üstün çykdy. Bu çempionata MLS-den we futbol boýunça Meksikanyň çempionatyndan (Liga MX) toparlar gatnaşýarlar.

Tehas ştatynyň Frisko şäherinde geçirilen duşuşygyň esasy wagty 4:4 hasabynda tamamlandy. Penalti tapgyrynda Maýaminiň topary has güýçli geldi.
«Inter Maýami» toparynyň ýyldyz hüjümçisi Lionel Messi duşuşykda garşydaşyň derwezesine iki pökgi geçirdi. Argentinaly futbolçy 85-nji minutda uzak aralykdan jerime urgusyny üstünlikli ýerine ýetirip, hasaby 4:4 etdi.
Şeýlelikde, birnäçe gezek «Altyn topa» mynasyp bolan oýunçy yzygiderli üçünji dublyny amala aşyrdy. Messiniň «Inter Maýami» üçin dört duşuşykda jemi ýedi goly girizendigini hem bellemek gerek.


düýn 14:15
9.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......