Ýoşko Gwardiol futbol taryhynda iň gymmat goragçy boldy

  • 06.08.2023 18:48
  • 12k+

Horwatiýaly goragçy Ýoşko Gwardiol gorag oýunçysy üçin rekord baha “RB Leýpsigden” “Mançester Sitä” geçdi. HBS-iň maglumatlaryna görä, Gwardiolyň transfer bahasy 90 mln ýewro we bonus hökmünde ýene 10 mln ýewro boldy. Ol bu görkeziji boýunça 2019-njy ýylda “Mançester Ýunaýtediň” 87 mln ýewro satyn alan oýunçysy Garri Maguaýrdan öňe geçdi diýip, championat.com belleýär.

“Men Angliýada oýnamagy hemişe arzuw edipdim, indi “Mançester Siti” bilen oýnamak – ýaňy geçen möwsümden soň meniň üçin hakyky hormat. Geçen möwsümde “Mançester Sitiniň” oýnuny gören islendik adam onuň dünýädäki iň gowy topardygyny bilýär. Trebl bu toparyň hili barada bilmeli zatlaryňyzyň hemmesini aýdýar. “Sitä” goşulyşmak – bu meniň we meniň maşgalam üçin aýratyn bir zat.

Pep Gwardiola bilen işleşmek mümkinçiligini gazanmak hem ajaýyp bolar. Men özümiň heniz taýýar däldigimi bilýärin, ýöne men oýnumyň futbolyň iň gowy tälimçisiniň ýolbaşçylygynda kämilleşjekdigine ynanýaryn” – diýip, klubuň metbugat gullugy horwatiýaly oýunçynyň sözlerini getirýär.


düýn 14:25
10k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 10:36
3.2k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......