Horwatiýaly goragçy Gwardiol «Mançester Siti» klubuna geçdi

  • 06.08.2023 17:29
  • 7.4k+

Horwatiýanyň ýygyndysynyň goragçysy Ýoşko Gwardiol Germaniýanyň «Leýpsiginden» «Mançester Sitä» geçdi. Bu barada iňlis klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

The Atletic portalynyň habaryna görä, transfer 90 million ýewro barabar bolup, şertnama bäş ýyllyk baglaşyldy. Gwardiol “Mançester Sitiniň” iň gymmat satyn alan ikinji oýunçysy boldy. Birinji ýeri 2021-nji ýylda 117,5 million funt sterlinge “Aston Willadan” geçen iňlis ýarym goragçysy Jek Griliş eýeleýär.
Gwardiol “Leýpsig” üçin dürli ýaryşlarda 87 gezek çykyş edip, bäş gol geçirdi we  üç gezek netijeli pas berdi. Klubyň düzüminde iki gezek Germaniýanyň kubogyny aldy. Ondan öň goragçy Zagrebiň “Dinamosynyň” wekili bolup, iki gezek Horwatiýanyň çempionatynda we bir gezek ýurduň kubogynda hem-de Super kubogynda ýeňiji bolupdy. Gwardiol Horwatiýanyň milli ýygyndysy üçin 21 oýun oýnady we iki gol geçirdi.
2022/23 möwsüminde “Mançester Siti” taryhda ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, şeýle hem trebli resmileşdiren sekizinji topar boldy (milli çempionat we kubok, şeýle hem Çempionlar ligasy).


şu gün 14:25
6.6k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......