Messiniň «Inter Maýamide» ilkinji myhmançylykdaky oýny üçin petekler 10 minutda satyldy

  • 05.08.2023 11:53
  • 13k+

“Inter Maýaminiň” Lionel Messiniň gatnaşmagynda boljak ilkinji myhmançylykdaky oýnunda anşlaga garaşylýar diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny championat.com ýetirýär.

Ligalaryň kubogynyň 1/8 finalynda “Inter Maýami” “Dallas” bilen duşuşar. Bu oýun üçin petekler 10 minutda satyn alyndy. Bellenilişi ýaly, oýna şeýle gyzyklanma bu duşuşykda argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň oýnamagy bilen baglanyşykly bolup biler.
Iň arzan orunlar 299 dollara durýardy, resmi täzeden satylýan petekleriň bahasy bolsa 600 dollardan geçýär. Dallas şäheriniň demirgazyk etegindäki stadion 20 000 töweregi adamy sygdyrýar.
Ýatlap geçsek, Ligalaryň kubogynyň 1/16 finalynyň “Orlando” bilen geçenki oýnunda argentinaly hüjümçi iki gol geçiripdi.
Messi “Inter Maýamä” tomusky transfer penjiresinde geçdi. Oýunçynyň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenýär.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......