Körler üçin düwmeli Android smartfonlar satuwa çykaryldy

  • 04.08.2023 12:32
  • 20k+

Ykjam tehnologiýalaryň önümçiligine ýöriteleşen «RAZ Mobility» amerikan kompaniýasy görüş ukyby bozulan adamlar üçin ýörite işlenilip düzülen «SmartVision 3» smartfonyny tanyşdyrdy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Bu telefon «Android» operasion ulgamynda işleýär hem-de sensorly ekrany we fiziki düwmeleri özünde jemleýär. «SmartVision 3» smartfony körleriň we görüşi pes adamlaryň rahat hem-de howpsuz peýdalanmaklary üçin birnäçe aýratynlyklara eýedir. Mysal üçin, ol telefony ses araly dolandyrmaga we tekst ýazmaga mümkinçilik berýän «Google Assistant» kömekçisini işletmek üçin ýöriteleşdirilen düwmä eýedir. Şeýle hem smartfon pul birlikleriniň nominalyny, reňkleri, ýagtylygyň derejesini kesgitlemäge we suratlary ulaltmaga kömek edýän ýörite ykjam goşundylar bilen üpjün edilýär.
Telefonda 3,5 dýuýmlyk sensorly ekran we T9 klawiaturasy ornaşdyrylar. Onuň arka tarapynda barmak yzyny tanaýjy gurluş, 16 Mp-lik hem-de 2 Mp-lik iki sany kamera, merkezinde bolsa 5 Mp-lik selfi datçigi bardyr. Şeýle hem smartfon goşmaça ýat hem-de gulakly üçin bölüm, 4G, Wi-Fi, Bluetooth we NFC ulgamlary bilen üpjün ediler.


düýn 23:26
1.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......