Täze smartfon zarýadynyň kuwwatlylygy boýunça rekord goýar

  • 27.07.2023 19:30
  • 29k+

«Infinix» kompaniýasy özüniň täze «GT 10 Pro» oýun smartfonyny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. Ol «Nothing Phone 2-ä» meňzeş dizaýna we smartfonlaryň bazaryndaky tiz çalt zarýad almak mümkinçiligine eýe bolar diýip, gazeta.ru «MyDrivers» portalyna salgylanyp habar berýär.

Smartfon 26 Gb operatiw ýada eýe bolar. Onda goşmaça ýadyň bir bölegini operatiw ýat üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýän «Dynamic RAM Expansion» (DRE) tehnologiýasy hem ornaşdyrylar. Onuň operatiw ýadynyň 16 GB çenli ýetjekdigi hem bellenilýär.
Şeýle hem «GT 10 Pro» smartfonynda «MediaTek Dimensity 8050» çipi, 108 Mp esasy kamera, Full HD+durulykly we täzelenen 120 GS ýygylykly uly AMOLED ekran ýerleşdiriler.
Onuň akkumulýatorynyň sygymy 7000 mAs bolup, 260 Wt kuwwatly zarýad beriji bilen üpjün ediler. Häzirki wagtda bu görkeziji boýunça rekord dereje 4600 mAs sygymly batareý we 240 Wt kuwwatly zarýad beriji bilen «Realme Gt3» smartfonuna degişlidi.
«Infinix GT 10 Pro» resmi taýdan 3-nji awgustda tanyşdyrylar. Onuň bahasynyň $500 golaý bolmagyna garaşylýar.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......