Samsung Galaxy Ring «akylly» ýüzügini işläp başlady

  • 23.07.2023 15:40
  • 15k+

The Elec. ýöriteleşdirilen portalynyň habaryna görä, Günorta Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi Galaxy Ring markaly “akylly” ýüzügiň üstünde işläp başlady. Barmaga dakylýan ýüzük görnüşinde ýasalan gajetde Ýaponiýanyň Meiko kompaniýasynyň böleklerini ulanmak meýilleşdirilýär.

"Akylly" ýüzükler eýeleriniň saglygy baradaky maglumatlary ýygnaýan we olary gajet bilen baglanan smartfonlara iberýän dürli datçiklerden ybarat enjamlardyr.
Üzükler, akylly sagatlar bilen deňeşdirilende, bedene has ýakyn ýerleşýändigi sebäpli, täze enjamlaryň has takyk ölçegleri üpjün edip biljekdigine ynanylýar. Eýýäm dürli datçikli we Bluetooth goldawly “akylly” ýüzükleri hödürleýän Finlýandiýanyň Oura kompaniýasy hem şeýle diýýär.
Fin öndürijisiniň bellemegine görä, markaly mini-gajetleriň agramy 4-6 gram aralygyndadyr we 80 minutlyk zarýad bilen bir hepdä çenli ulanyp bolýar. Örän duýgur temperatura datçikleri, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşmanka, ýüzük eýelerine bu barada duýduryş berip bilýär.


düýn 18:51
3.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....