“Inter Maýami” futbol kluby Messi bilen şertnama baglaşdy

  • 16.07.2023 12:39
  • 22k+

Amerikan futbol kluby “Inter Maýami” argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Oýunçy bilen şertnama 2025-nji ýylyň möwsüminiň ahyryna çenli niýetlenýär.

“Men karýeramdaky indiki ädimiň öňünde diýseň tolgunýaryn. Bu ajaýyp mümkinçilik we biz bilelikde ajaýyp taslama gurmagy dowam etdireris. Pikir öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin bilelikde işlemekden ybarat we men täze toparyma kömek edesim gelýär” – diýip, Messi aýdýar.

“Inter Maýami” Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) Gündogar konferensiýasynyň ýaryş jedwelinde iň soňky, 15-nji orny eýeleýär. Topar 21 tapgyrdan soň 18 utuk gazandy.
ESPN teleýaýlymy Messiniň amerikan klubunyň düzüminde 22-nji iýula geçilýän gije ilkinji oýnuny oýnajakdygyny habar berdi. Şol gün topar MLS-den we Meksikanyň çempionatyndan toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän Leagues Cup ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde Meksikanyň “Krus Asul” kluby bilen oýnar.


düýn 15:42
6.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......