Saudi Aramco 2030-njy ýyla çenli gaz önümçiligini 50-60% artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 07.07.2023 10:11
  • 4.5k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco milli nebit kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli gaz önümçiligini 50-60% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Al Arabiya teleýaýlymynyň habar bermegine görä, çarşenbe güni kompaniýanyň baş direktory Amin Nasser bu barada mälim etdi.

Teleýaýlymyň habaryna görä, ozal Saud Arabystanynyň Energetika ministri goşmaça 4000 km turbageçiriji gurmak arkaly patyşalygyň gaz önümçiligini 60% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy.
Saudi Aramco -nyň 2022-nji ýyldaky soňky hasabatyndan görnüşi ýaly, tebigy gaz we etanyň öndürilişiniň ortaça mukdary günde 10,6 milliard kub fut (günde takmynan 300 million kub metr) boldy. Kompaniýa patyşalykda ýeke-täk gaz üpjün edijisidir, şeýle hem ugurdaş gazy we gaz kondensatynyň bir bölegini eksport edýär. Jafura adaty bolmadyk gaz ýatagy ýurtdaky iň ulusydyr. Onuň ätiýaçlyklary 56,6 milliard kub metre deňdir.


düýn 11:54
3.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.3k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......