Messi “Inter Maýamide” ýylda $60 mln gazanar

  • 04.07.2023 11:58
  • 18k+

Argentinaly oýunçy Lionel Messi “Inter Maýami” amerikan klubunda her ýyl $50 - $60 mln gazanar. Bu barada “El Pais” gazeti bilen söhbetdeşlikde toparyň prezidenti we egindeş eýesi Horhe Mas habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Şertnama boýunça Leo ýylda 50 mln dollardan 60 mln dollar aralygynda gazanar. Men Messini çagyrmak üçin üç ýyl sarp etdim. Bir ýarym ýyl örän işjeň geçdi, [futbolçynyň kakasy] Horhe bilen köp gepleşikler geçirildi” – diýip, Mas aýtdy.

Argentinaly “Inter Maýamä” geçýändigini 7-nji iýunda mälim etdi. Onuň soňky kluby “Pari Sen-Žermen” bolup, ony geçen möwsümiň ahyrynda şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy sebäpli terk etdi. Bu topar üçin hüjümçi 2021-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edip, dürli ýaryşlarda 74 oýna gatnaşdy, 32 gol we 35 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Messi iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy we bir gezek ýurduň Super kubogyny gazandy.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......