Messiniň goly geçen möwsüm Çempionlar ligasynda iň gowy gol boldy

  • 01.07.2023 14:23
  • 17k+

“Pari Sen-Žermende” oýnan argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň goly geçen möwsüm Çempionlar ligasynda iň gowy gol diýlip ykrar edildi. Bu barada ýaryşyň “Twitterine” salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.

Janköýerleriň ses bermeginiň netijesi boýunça Messiniň toparlaýyn tapgyryň “Benfika” garşy oýnunda (1:1) geçiren goly iň gowusy boldy. Oýunçy goly jerime çyzygyndan aýlawly urgy bilen geçirdi.
Ses berişlikde ikinji orny Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Winisius Žunioryň ýarym finalda “Mançester Sitiniň” derwezesine garşy geçiren goly, üçünji orny bolsa “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holandyň toparlaýyn tapgyrda Dortmundyň “Borussiýasyna” garşy oýunda geçiren goly eýeledi.


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......