2024-nji ýylda Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty Makaoda geçiriler

  • 15.06.2023 14:50
  • 4.3k+

2024-nji ýylda Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty Makaoda geçiriler. Degişli karar Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň Gazagystanda Astanada geçen Kongresinde kabul edildi.

2025-nji ýylda Aziýanyň yklym boýunça birinjiligi Özbegistanyň paýtagtynda – Daşkentde bolar.

«Her bir iri ýaryş sebitde sambonyň derejesiniň ösmegine ýardam edýär. Makao şol sanda bu sebäplere görä hem saýlanyp alyndy. 2025-nji ýyl barada aýdylanda bolsa, bu ýerde biz IV ýetginjekler Aziýa oýunlaryna gönükdirildik, ol taryhda ilkinji gezek Daşkentde geçer. Şu günki günde sambonyň bu Oýunlaryň maksatnamasyna goşulmaga gowy mümkinçiligi bar, şol sebäpli Oýunlaryň öňüsyrasynda sambo boýunça baş yklymlaýyn ýaryşyň geçirilmegi biziň hemmämiz üçin gowy taýýarlyk bolar», — diýip, Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň baştutany Alamjon Mullaýew sözüni jemledi.

düýn 23:07
5.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......