Messi, Suares we Neýmar karýeralaryny bir klubda tamamlamak isleýärler

  • 11.06.2023 16:30
  • 25k+

Urugwaýly futbolçy Luis Suares argentinaly Lionel Messi we braziliýaly Neýmar bilen karýeralaryny bir toparda tamamlamak barada ylalaşandygyny aýtdy.

Suares, Messi we Neýmar 2014-nji ýyldan 2017-nji ýyl aralygynda Ispaniýanyň “Barselona” toparynda bile oýnadylar. Urugwaýly oýunçy Messi bilen bilelikde 258 oýna, Neýmar bilen 124 oýna gatnaşdy.

“Biz (Messi we Neýmar bilen) bu barada ylalaşdyk. Biz karýeramyzyň soňky günlerini bir klubda geçireris diýip umyt edýäris. Futbolyň şatlygyndan lezzet alýarys, özümiziň isleýşimiz ýaly oýnaýarys we pensiýa bile çykýarys. Neýmar bilen bagly nähili boljagyny bilemok, ýöne biz Messi bilen gürrüňsiz bilelikde tamamlarys” – diýip, “Sportskeeda” Suaresiň sözlerini getirýär.

Häzirki wagtda Suares Braziliýanyň “Gremio” toparynyň düzüminde çykyş edýär, Messi “Inter Maýamä” geçdi, Neýmar bolsa “Pari Sen-Žermende” oýnaýar. Öň, urugwaýly oýunçy Esasy futbol ligasyna (MLS) geçip bilmeýändigini, sebäbi onuň häzirki şertnamasynyň 2024-nji ýyla çenli niýetlenendigini aýtdy.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......