Türkmenistanda nebitgaz taslamalarynda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň ähmiýeti

  • 09.06.2023 13:52
  • 17k+

Nebitgaz pudagy Türkmenistana daşary ýurt maliýe serişdeleriniň dowamly gelmegini we ykdysadyýetimiziň durnuklulygyny üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, nebitgaz senagaty ýokary girdejili we il-ýurt bähbitli bolmak bilen bir hatarda, iň töwekgelçilikli ykdysady iş görnüşi hem bolup durýandyr. Nebit, gaz we uglewodorod önümleriniň öndürilmegi, olaryň saklanylmagy, ulag serişdeleri arkaly daşalmagy, nebiti gaýtadan işleýän enjamlar hem-de desgalar dürli töwekgelçilikler bilen baglydyr. Bu töwekgelçilikler sebäpli umumy işiň togtamagyna getirýän betbagtçylykly hadysa ýa-da heläkçilikler ýüze çykyp biler.

Ätiýaçlandyryş taryhyna nazar aýlap, geljegine netijeli çözgütler arkaly ýol açýan global ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň pikiriçe, şu günki günde ätiýaçlandyryş bazarynda ekologiki we tehniki howpsuzlyk taýdan uly howpy döredip biljek nebitgaz senagatynyň obýektlerini ätiýaçlandyrmak iň derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ätiýaçlandyryş dünýäniň ähli künjünde fiziki we ýuridiki şahslaryň bähbitlerini goramakda ulanylýan iň ýörgünli maliýe guraly diýip aýtsak ýalňyşmarys.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrýan halkara ähmiýetli iri möçberli nebitgaz taslamalaryny amala aşyrýan milli we daşary ýurtly potratçylarynyň we kiçi potratçylaryň alyp barýan işlerini we bähbitlerini şular ýaly howply töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrmak boýunça ygtyýarly ätiýaçlandyryja we ätiýaçlandyryş dellalyna ýüzlenmekleri wajypdyr.
Ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň kömegi bilen alnan ätiýaçlandyryş polisi garaşylmadyk howply ýagdaýyň ýüze çykmagy netijesinde inženerçilik-tehniki serişdeleriň we desgalaryň zyýan çeken ýagdaýynda potratçylaryň bähbitleriniň dikeldilmeginde oňyn täsirini ýetirýär.
Nebitgaz senagaty çygrynda ýüze çykyp biljek dürli howplary Türkmenistanyň çäginde hereket edýän hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen Ygtyýarnamasy bolan ätiýaçlandyryş kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak arkaly öwrenmek mümkindir. Has takygy, ätiýaçlandyryş kompaniýasy potratçynyň bellenilen döwür boýunça işini seljermek bilen degişli maslahat berip, töwekgelçilikleri azaldýar we amatly nyrhdan ätiýaçlandyryşy üpjün edýän ätiýaçlandyryş polisini almakda doly kömek edýär.
Bu günki günde Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazarynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, «Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ÝGPJ, «Hazar ätiýaçlandyryş» AGPJ, «Resmi kepil» HJ, «Ätiýaçlandyryş merkezi» AGPJ ätiýaçlandyryş kompaniýalary we «Gadamly Ösüş» HJ ätiýaçlandyryş dellaly çykyş edip, Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş hakyndaky Kanunyna laýyklykda diňe nebitgaz taslamalary däl-de, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri üçin howply töwekgelçilikleri öwrenýär we amatly nyrhdan ätiýaçlandyryş polisini berýär.
«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 55-nji maddasynda bellenilişi ýaly, potratçy (kömekçi potratçy) nebit işlerini geçirende ätiýaçlandyryşyň aşakdaky görnüşlerini ulanmaga we saklamaga borçludyr:

  • 1) "ähli töwekgelçilikler" bukjasyna laýyklykdaky ätiýaçlandyryş, oňa desgalar, enjamlar, gurluşlar we Nebit işlerini geçirmekde ulanylýan ýa-da ulanmak üçin niýetlenen Potratçynyň başga emlägi degişlidir;
  • 2) Potratçy tarapyndan Konserne (önümleriniň Konserne degişli bolan bölegini) ýa-da beýleki subýektlere geçirilýän pursadyna we nokadyna çenli Uglewodorod serişdeleriniň we olaryň ugurdaş önümleriniň mümkin ýitgilerini öz içine alýan ätiýaçlandyryş;
  • 3) Daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öňüni alyş çäreleri, netijelerini aradan aýyrmak, şol sanda Şertnamalaýyn çäkde, onuň ýerasty baýlyklarynda howanyň, suwun, topragyň we topragastyň hapalanmagy bilen baglanyşykly bolan çykdajylary öz içine alýan ätiýaçlandyryş;
  • 4) "umumy jogapkärçilik" görnüşli ätiýaçlandyryş, oňa Nebit işlerini geçirmekde ýa-da olar bilen baglylykda, şol sanda üçünji Şahslara ýetirilen emläk zeleli we ýaşaýşa hem-de jan-saglyga zyýan degişlidir;
  • 5) "guýularyň gözegçiligi" görnüşli ätiýaçlandyryş, oňa goşmak bilen Şertnamalaýyn çäkde guýularda heläkçilikler bilen ýüze çykarylan guýularyň gaýtadan burawlaýyşy we gözegçilik bilen bagly çykdajylar degişlidir;
  • 6) "saglyk, ýaşaýyş we betbagtçylykly ýagdaýlar" görnüşli ätiýaçlandyryş, oňa Potratçynyň işgärleriniň we onuň Nebit işlerini ýerine ýetirmäge çeken beýleki Şahslaryň ätiýaçlandyryşy degişlidir;
  • 7)Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri;
  • 8) Nebit işlerini geçirmegiň halkara tejribesine laýyklykda Potratçylar tarapyndan ulanylýan ätiýaçlandyryşyň beýleki görnüşleri.

19.07.2025 12:45
10k+

Serdar Berdimuhamedow TNGIZT-niň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň işine badalga berdi

18-nji iýulda  Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata berdi...

18.07.2025 06:21
4.7k+

Hytaýly hünärmenler HNGU-da Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdylar

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri hökmünde özara tejribe alyşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen geldiler...

27.06.2025 18:52
3.6k+

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy

Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň  nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2025) gatnaşyjylaryň resmi hasaba alnyşy açyldy.  Forumyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, «Energiýa...

20.06.2025 23:37
9k+

Serdar Berdimuhamedow Uzynada ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça teklibi makullady

Türkmenistanda täze açylan Uzynada nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürledi...