Messi näme üçin «Barselona» dolanyp barmandygyny düşündirdi

  • 08.06.2023 21:23
  • 49k+

2022-nji ýylda Dünýä çempionatynyň çempiony, “Altyn topuň” 7 gezek eýesi argentinaly Lionel Messi Ispaniýanyň klubundan Fransiýanyň «PSŽ-sine» geçenindäki ýagdaýyň gaýtalanmagyny islemändigi üçin «Barselona» dolanyp barmady. Messiniň çarşenbe güni beren teswiri Mundo Deportivo gazetinde çap edildi.

Çarşenbe güni Messi Amerikanyň “Inter Maýami” klubuna geçjekdigini habar berdi. Onuň “PSŽ” bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti gutardy we öň hüjümçiniň kakasy oglunyň “Barselona” dolanmak isleýändigini aýdypdy. Hüjümçi, aýlyk haky bilen bagly mesele sebäpli, “Barselonanyň” oňa täze şertnama hödürläp bilmäni üçin, 2021-nji ýylda Ispaniýanyň toparyny terk edipdi.

"Hawa, bu dogry, hakykatdanam [“Barselona”] dolanasym geldi, ýöne beýleki tarapdan, başdan geçiren ýagdaýlaryma gaýtadan uçrap, ýene-de şol bir ýagdaýa düşmek: näme boljagyna garaşmak we geljegimi kimdir birine garaşly etmek islemedim - diýip, Messi aýtdy. - Özüm hakda, maşgalam hakda pikir etmek kararyna geldim. Ýogsam, La Liganyň hemme zady kabul edendigini we hemme zadyň ýerbe-ýerdigini, yzyma gaýdyp gelmek üçin edilmeli başga-da köp zatlaryň bardygyny eşitdim. Oýunçy satmaly ýa-da oýunçylaryň aýlyklaryny azaltmaly bolandyklaryny bilýärin, çynym, men bu zatlary başdan geçirmek ýa-da bularyň hemmesi bilen baglanyşykly bir zat almagyň jogapkärçiligini çekmek islemedim. “Barselonadaky” karýeramda meni ýapa degmejek zatlarda aýypladylar, men indi biraz ýadadym".

Hüjümçi “Inter Maýamä” geçmek kararyna “PSŽ”-de oýnan wagtyndaky tejribesiniň täsir edendigini aýtdy. "Şol iki ýyl men bagtly bolmandym.  Bu maşgala durmuşymyza hem täsir etdi, çagalarymyň mekdep durmuşynyň köp gowy ýerlerini görmän galdym" – diýip, argentinaly oýunçy sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......