Zlatan Ibragimowiç karýerasyny tamamlaýar

  • 05.06.2023 20:20
  • 24k+

“Milanyň” 41 ýaşly şwesiýaly hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada Italiýanyň HBS-ine salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.

Ibragimowiç öz gelen netijesini Italiýanyň çempionatynyň 38-nji tapgyrynyň “Milan” – “Werona” (3:1) oýny tamamlanandan soň aýtdy.

“Men maşgalama sabyrlylygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Ikinji maşgalama – oýunçylara, tälimçä, işgärlere, menejerlere sagbolsun aýdýaryn. Şeýle-de, size, janköýerlere tüýs ýüregimden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Futbol bilen hoşlaşmagyň wagty geldi, ýöne siz bilen däl” – diýip, futbolçy oýundan soň geçirilen dabarada aýtdy.

Ibragimowiç “Aýaks”, “Malmýo”, “Ýuwentus”, “PSŽ”, “Inter”, “Barselona”, “Los-Anjeles Gelaksi” we “Mançester Ýunaýted” üçin hem oýnady.
Şwesiýaly hüjümçi bäş gezek Italiýanyň çempionatynyň ýeňijisi (iki gezek – “Milanyň” düzüminde we üç gezek “Interiň” düzüminde), dört gezek Fransiýanyň çempiony, iki gezek Niderlandlaryň çempiony we bir gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.

düýn 23:07
5.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......