«Mançester Siti» «Mançester Ýunaýtedi» ýeňip, ýedinji gezek Angliýanyň Kubogyny gazandy

  • 04.06.2023 09:28
  • 11k+

Angliýanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Mançester Siti» «Mançester Ýunaýtedi» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk şenbe güni agşam Londonda «Uembli» stadionynda geçdi.

«Sitiden» gollary Ilkaý Gündogan geçirdi (1-nji, 51-nji minutlar). «Ýunaýtedden» Brunu Fernandeş tapawutlandy (33, pen.). Gündogan duşuşyk başlandan soň eýýäm 14-nji sekuntda gol geçirip, Angliýanyň Kubogynyň final duşuşyklarynyň taryhynda geçirilen iň çalt goluň awtory boldy.
«Mançester Siti» möwsümiň jemleri boýunça trebl utmaga (bir möwsümde çempionatda ýeňiş, ýurduň Kubogy we Çempionlar ligasy) mümkinçiligi saklap galýar: öň «Siti» Premýer ligada ýeňiş gazanypdy, 10-njy iýunda ol Stambulda Çempionlar ligasynyň finalynda «Inter» bilen duşuşar.


düýn 14:25
10k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 10:36
3.2k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......