Beýik Britaniýada ilkinji sürüjisiz awtobus ýolagçylary gatnadyp başlady

  • 18.05.2023 12:22
  • 22k+

Beýik Britaniýada Stagecoach sürüjisiz awtobuslary ýola çykdylar. Olar Şotlandiýanyň paýtagty Edinburg bilen Faýf okrugynyň arasynda ýolagçylary gatnadarlar. Kompaniýa sürüjisiz awtobuslary CAVForth maksatnamasynyň çäklerinde 2025-nji ýyla çenli synagdan geçirer diýip, incrussia.ru habar berýär.

Awtobuslar sürüjisiz diýlip atlandyrylsa-da, salonda iki adamdan ybarat ekipaž bolýar. Birinji işgär ulag serişdesini gözegçilikde saklaýar, ikinjisi – kapitan – müşderilere hyzmat edip, petek satýar. Işläp düzüjileriň meýilnamasy boýunça, awtonom transport ýol howpsuzlygyny ýokarlandyryp, ulag serişdeleriniň könelmegini azaltmaly.

“Biz Şotlandiýanyň gündogarynda sürüjisiz awtobuslaryň ilkinji tapgyryny işe girizmäge şat bolduk” – diýip, Stagecoach UK-nyň dolandyryjy müdiri Karla Stokton aýtdy. Ol sürüjisiz marşrutlaryň işe girizilmeginiň jemgyýetçilik transportynyň ösüşinde täze tapgyrdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Stagecoach şular ýaly bäş awtobusyň hepdede 10 müňe golaý adamy gatnadyp biljekdigini nygtaýar. Ulaglar AB1 diýlip atlandyrylan sistema berk salnan ugur boýunça hereket ederler. Onuň uzynlygy 21 km, ulaglar sagatda 75 km tizlik bilen hereket eder. Bu hökümet tarapyndan pul kömegi bilen goldanylýan ýurtda ilkinji sürüjisiz marşrutdyr.
CAVForth Beýik Britaniýada awtonom ýolagçy awtobus gatnawyny ösdürmek boýunça Şotlandiýanyň gündogarynda synag taslamasydyr. Ol bölekleýin hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýär.


30.01.2025 13:16
2.1k+

Beýik Britaniýada depressiýany bejermek üçin niýetlenen beýni implantaty synag edilýär

Beýik Britaniýada ultrases barlagyny ulanyp, depressiýany, garaguş keselini we beýleki näsazlyklary bejermäge ukyply özboluşly beýni implantatyny synagdan geçirmäge taýynlyk görülýär diýip, The Guardian habar berýär...

27.06.2024 17:53
12k+

Garaguş keseliniň tutgaýlaryna gözegçilik etmek üçin çaganyň beýnisine ilkinji gezek neýrostimulýator oturdyldy

Beýik britaniýaly 13 ýaşyndaky Oran Noulsona dünýäde ilkinji bolup garaguş keseliniň tutgaýlaryna gözegçilik etmek üçin neýrostimulýator goýuldy. Operasiýa Londonyň Greýt-Ormond-strit keselhanasynda edildi diýip...

17.11.2021 23:45
7.4k+

Beýik Britaniýa 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda lider bolmagy maksat edinýär

Beýik Britaniýa umumy maksatly kwant kompýuterini döretmegi we 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda dünýä lideri bolmagy maksat edinýär. Bu barada britan hökümetiniň ýolbaşçysy Boris Jonson aýtdy diýip, TASS...

29.06.2025 12:54
3.2k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...