Çeferin Çempionlar ligasynyň finalynyň ABŞ-da 2025-nji ýyldan soň geçip biljekdigini ýaňzytdy

  • 27.04.2023 11:07
  • 8.4k+

Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) prezidenti Aleksandr Çeferin Çempionlar ligasynyň finalynyň 2025-nji ýyldan soň ABŞ-da geçirilip bilinjekdigini aýtdy.

"Bu bolup biler (ABŞ-da Çempionlar ligasynyň finaly), bu pikiri ara alyp maslahatlaşyp başladyk. Bu ýyl Çempionlar ligasynyň finaly Stambulda, 2024-nji ýylda - Londonda, 2025-nji ýylda - Mýunhende geçiriler. Ondan aňyrsyny göreris. Bolmagy mümkin” diýip, Çeferin YouTube kanalynda Men in Blazers bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
"Futbol ABŞ-da gaty meşhur. Olar Ýewropadaky basketbol janköýerleriniň NBA-ny gözden salmaýyşlary ýaly, Ýewropa futbolyna yzygiderli syn edýärler. Bu gaty uly we geljegi bar bazar" – diýip, UEFA-nyň ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirdi.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......