Nepomnýaşşiý we Ližen dünýäniň küşt täji ugrundaky ýaryşyň üçünji oýnuny deňme-deň oýnady

  • 13.04.2023 15:57
  • 7.7k+

Russiýaly Ýan Nepomnýaşşiý bilen hytaýly Din Liženiň arasynda 2023-nji ýylyň dünýä çempiony adyny almak ugrundaky ýaryşyň üçünji oýny deňme-deň tamamlandy. Bäsleşikler Astanada (Gazagystan) geçirilýär.

Nepomnýaşşiý üçünji oýunda ak mallar bilen oýnady we birneme artykmaçlyga eýe boldy, ýöne Ližen russiýaly küştçiniň ähli hüjümlerine üstünlikli jogap berdi. Garşydaşlar 30-njy ädimde deňme-deň netijä razy boldular.
Üçünji oýundan soň hasap Nepomnýaşşiniň peýdasyna 2:1 boldy. Indiki oýun 13-nji aprelde geçiriler.
Düzgüne laýyklykda, dünýä çempionlygy ugrundaky ýaryş 14 oýundan ybarat bolar, deňme-deň bolan halatynda, olaryň netijeleriniň esasynda dört oýundan ybarat taý-breýk geçiriler. Eger-de taý-breýkem ýeňijini ýüze çykarmasa, küştçüler blis we ondan soň bolsa “ölüm oýny” diýilýänini oýnarlar.

düýn 23:07
5.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.9k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......